«Indi bir dem kararym ýok,
Bu menzilde durarym ýok,
Bu sözden hiç habarym ýok,
Habarsyz binowa kyldy».
Ejemjanyň özi çaga dogrup bilmeýärdi.
Ejemjanyň bir ogla intizar bolup,
munuň üçin gije-gündiz dileg edipdi.
Ol bu ogul onuň masgaraçylygyny aýryp,
ojagyň mirasdary bolaryna umyt baglaýardy.
Onsoň men doguldym .
On aýlyk keselbent çaga ejir çekýärdi.
Men bu maşgala ogullyk alyndym.
Şol döwürde obada ýaşaýan sada maşgalamyz
bagtyň nämedigini bilýärdi.
Meniň çagalygym ýagty gelejek baradaky
arzuw-hyýallardan dolup-daşýardy.
Maňa bu habary ilki kakam aýtdy.
Meniň mähriban ejemjanyň gözleri kör bolup başlapdyr.
Men onuň indi nähili boljagyny göz öňüme hiç getirip bilemokdym.
Ol tümlüge gaplanyp nädip ýaşarka?
Şondan köp wagt geçmänkä, men synp otagynda otyrdym.
Şol gün meni öýe ir alyp gaýtdylar.
Öýde kör ejem maňa daýymyň ýogalandygyny aýtdy.
Men muňa doly düşünmesem-de,
onuň gidendigine,
ony gaýdyp görmejekdigime akylym çatýardy.
Men Hudaýdan:
«Näme üçin ölüm bar?
Bigünä adamlar näme üçin ejir çekýärler?
Durmuşyň manysy näme?» diýip soradym.
Meniň ejem örän takwa aýal bolansoň,
maňa köp zatlary öwretdi.
Jennete ýetmek üçin geçilmeli Syrat köprüsi barada
onuň aýdanlary gözümiň öňünde edil janly
surat kimin geçýärdi:
bu köpri gyl ýaly inçedi,
gylyç ýaly ýitidi,
aşagynda bolsa dowzahyň ody lowlap ýanýardy.
Durmuşda käwagt
umyt-arzuwlarymyzyň bary
uçudyň gyrasynda hallan atýan ýaly görünýär.
Bu soraglaryň jogabyny ençeme ýyl agtaranymdam soň,
men aýaga galdym,
köwşümi arassalap,
täze penjegimi geýdim-de atyr sepindim.
Men gaty ýaşdym, ýaňy bir 17 ýaşymdadym,
arzuwlaryma eýermek wagty gelip ýetipdi.
Men okuwa girmek üçin arza berdim,
bar güýjümi, yhlasymy okuwa gönükdirdim.
Men hatda klasdaşalarymyň baryndan üstün çykdym.
Başymy dik tutdum, sebäbi men
hukuk fakultetine girmegä çemeleşýärdim.
Men oňa giräýmelidim. Men durmuşymda
şondan başga maksat bardyr diýip pikir-de etmeýärdim.
Garaşylan gün ýetip geldi.
Ýüregim gürsüldäp, agzymdan çykaýjak bolýardy.
Ekzamene girenimde, ähli güýjümi bir ýere toplap,
jogaplarymy ýazmaga başladym.
Men her sahypany dolduranymda, arzuwym
gözümiň öňündedi.
Ekzameni tabşyranymda, meni buýsanç duýgusy gaplady.
Emma bar arzuwlarym puç boldy.
Meniň para bermäge pulum bolmansoň,
okuwa girip, wezipe edinmek niýetim başlanman tamamlandy.
Sustupeslikden başymy galdyryp,
töwerek-daşyma garanymda,
köp dostlarymyň içgiden, neşeden,
meýlislerden doly biperwaý durmuşda ýaşaýandygyny gördüm.
Men özýanymdan:
«Durmuşyň manysy, belki, şudur» diýip oýlandym.
Men olara goşulyp, arak içip, keýpi-sapanyň yzynda entemäge başladym.
Biz keýp çekip, hahaýlap gülýärdik.
Emma özümdäki biraz puly şeýle bidüzgünçilige sowurmak bilen,
men öz arzuwymdan, maşgalamdan iň erbedi-de, Hudaýdan daşlaşýardym.
Gije ýeke galyp, kölegelere çiňerilip seredenimde,
özümi tümlügiň girdabyna batyp barýan ýaly duýdum.
«Ýanyp perwan dek her dem,
Ýüregim dolduryp ýüz gam,
Kaddym ham, gözlerim pür nem
Bu janymga jepa kyldy».
Ýaz pasly ýetip geldi.
Baýyrlar, dereler gyş ukusyndan oýanyp, janlanyp başladylar.
Eýsem bularyň barynyň haýsydyr bir maksady barmyka?
Ýaz pasly meniň köňlümi-de oýardy.
Hudaý meni Maýa atly gözel bir gyza duşurdy.
Biz ikimiz ajaýyp durmuşa gadam basdyk,
maşgalamyz ulaldy.
Aýalymyň dogany Aşyr meniň jana-jan doganym ýaly boldy.
Men özümiň ogullyk alnyşym ýadyma düşdi.
Ol diýseň tebigy bolupdy,
men edil şu maşgalada doglan ýalydym.
Öňde-soňda duýan ajaýyp zatlarymyň biri-de –
20 ýaşanymda ajaýyp gyzym –Şahira doguldy.
Çaga doglanda, onuň kakasy dogulýarmyş diýip aýdýarlar.
Kakanyň şeýdip gaýtadan dogulmagy maňa soňra,
başdan geçirjek başga bir gaýtadan dogluşa aň ýetirmäge ýardam berdi.
Birnäçe yyldan biziň oglumyz doguldy
we aýalym ýene birine göwrelidi...
Emma, bu göwresindäki çagamyzy maşyn betbagtlygynda ýitirdik.
Durmuşda ýowuz gyş ýaly başymyza
köp dürli ýagdaýlar gelýär, welin,
olar hiç gutarmajak ýaly.
Hudaý bilen aramyzdaky içinde dowzah ody alawlap duran
düýpsüz çuňluk şol öňküligine galypdy.
Şeýle bolansoň,
durmuşdaky ýagşy zatlaryň bary jennediň birsalymlyk tagamy ýalydy.
Men yslam dininiň köp parzlaryny takwalyk bilen berjaý edýärdim.
Emma Hudaý şonda-da menden edil ýyldyzlar ýaly gaty uzakdy.
Men dini mugallymlarymdan köp zatlary soraýardym.
Emma muňa garamazdan,
özümi süýşüp barýan çägäniň üstünde duran ýaly duýýardym.
Syrat köprüsi göz öňümden gidenokdy,
men özümiň ýa-da ýakynlarymyň ondan geçip biljekdigi babatda umydym ýok diýen ýalydy.
«Şöhrat, meniň saňa aýtmaly bir habarym bar» diýip,
Aşyr meni bir gyra çekdi.
Men onuň ýüzünde şeýle aýgytlylygy heniz görmändim.
Ol maňa Hudaýa alyp barýan Göni Ýoly tapandygyny aýtdy.
Men: «Aşyr nädip şeýle ýoly tapyp bilýärkä?
Biz onuň bilen din barada ýekeje gezek-de söhbetdeş bolmandyg-a»!
Ol maňa: «Isa Mesih -
Hudaýa alyp barýan Ýol, Hudaýa eltýän köpri» diýip aýtdy.
Men: «Diýýäniň näme?! Sen orslaryň dini barada aýdýarmyň?
Ahow, biz türkmen-ä!» diýdim. Men gahardan ýaňa ýarylaýjak boldum.
Eger ol meniň aýalymyň dogany bolmadyk bolsady,
men onuň dulugyna ýelmärdim.
Emma Aşyryň hereketleri gaty aýgytlydy.
Gaharymy getirýän zatlaryň iň erbedi-de, -
meniň öz delillerim maňa ynandyryjy däl bolup görünýärdi.
Men Isa Mesihiň Gurhanda gaty wajyp orny eýeleýändigini inkär edip biljek däl.
Ol gaty köp gudratlary görkezdi,
şeýle gudratlary başga hiç kim edip bilmändi.
Mundan başga-da, Ol gaty halal,
mukaddes durmuşda ýaşapdy.
Syrat köprüsinden geçip biljek ýeke-täk adam Isady.
Oňa hatda Mesih, Kalimutalla hem diýýärler.
Muňa düşünmek bilen, men Isanyň durmuşyny
we taglymatyny öwrenmekligiň
musulmançylykda ösmegiň bir bölegidigini bilýärdim.
Biz Aşyr bilen Isa barada
Injile görä döredilen çeper filme seretdik.
Isanyň aýdan her bir sözi ýüregime jüňk boldy.
Onuň sözleri meniň ömrümi kesgitli baky özgertdi...
Isa Mesih şeýle diýdi:
«Eý, argynlar, agyr ýüklüler,
Meniň ýanyma geliň,
Men size dynçlyk bereýin».
Men şeýle dynçlyga gaty zardym.
Men: «Isa, men şeýle dynçlyga mätäç.
Men Seniň sözleriňe ynanýaryn,
men Saňa durmuşymy tabşyrjak» diýdim.
Men dileg edenimden soň,
meni ömrümde ilkinji gezek üýtgeşik bir rahatlyk bilen ruhlandyryjy umyt gurşap aldy.
Men bu täzeligi aýtmak üçin
şobada ejemiň ýanyna howlukdym.
Şindi bütünleý kör galyp, munuň jogabyny agtarýan ejem paýlaşan habarymy gaty ünsli diňledi.
Men oňa Isa Mesihiň aramyza iberilip, ölümi ýeňendigini
we Syrat köprüsinden geçerimiz ýaly,
Onuň Hudaý tarapyn bize berlen köprüdigini ýoldugyny aýtdym.
Ejem: «Ine, biziň umyt baglap garaşan habarymyz!
Muny türkmenlerimiziň baryna eşitmek gerek!»
diýip şatlykdan ýaňa gygyryp aýtdy.
Men bu habary tutuş maşgalam we dostlarym bilen paýlaşyp başladym.
Adamlaryň köpüsi maňa birgeňsi garap, üstümden gülýärdiler.
Meniň dostum Myrat bolsa meni ýaňsylap: «Şöhrat,
sen indi orslaryň ruhanysy bolaýdyňmy?» diýýärdi.
Emma bularyň bary meniň parhyma-da däldi.
Biziň köpimiz bu habara ynanyp, durmuşymyzy Isa Mesihe tabşyrdyk.
Aýalym,ejem, aýaldoganlarym we dostlarym bile nahar iýmek,
Hudaýa doga okap, Oňa sežde etmek, Mukaddes Kitaby okamak üçin bile ýygnanyşýardyk.
Özümiň duýan şol şatlykdyr - rahatlygymyň başgalara hem inendigini görmek
meniň üçin ullakan bagtdy.
Dünýäniň bir bölegi bolan biziň topragymyzda-da
Hudaýyň maşgalasy döredildi.
Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlar –
haýsy dile ýa-da medeniýete degişlidigine garamazdan
Hudaýa sežde etmek we Onuň bilen Isa Mesih arkaly
berlen gatnaşygy toýlamak üçin bile ýygnanýarlar.
Meniň ýaly, biziň-de hemmämiz
Isa Mesih arkaly Hudaýyň şol bir maşgalasyna kabul edilýäris.
Bu wakalardan soň men iman ädimini ädip,
hukukçy bilimi baradaky arzuwyma dolandym.
Men gudrat bilen halkara hukuk fakultetine okuwa girip,
ony tamamladym.
Meniň iş derejäm gaty ösüp başlady.
Adamlar haýsydyr bir hossarsyzyň -
uruşda maýyp bolan weteranyň we kör enäniň
oglunyň şeýle derejä nädip ýetendigini biljek bolup azara galýardylar.
«Men hossarsyz däl, men ogullyk alyndym» diýip jogap berýärdim.
Ejem meni gaty söýensoň, meni, ýagny –
hiç zady bolmadyk ejizje bäbägi öz maşgalasyna ogullyk aldy.
Edil şeýle tärde Hudaý hem meni söýensoň,
hut Özi meni Öz maşgalasyna ogullyk aldy.
Men ata bolanymdan soň gaýtadan dogluşy başdan geçirişim ýaly,
şindi Hudaýyň perzendi hökmünde gaýtadan doguldym.
Hudaý Adam ata we How ene şol günäni etmänkä olar bilen ýakyn bolşy ýaly,
biziň bilenem ýakyn gatnaşyk saklasy gelýär.
Şonuň üçin hem biziň aramyza Isa Mesihi iberdi.
Günäler netijesinde Huday bilen ynsanlar arasynda bozulan gatnaşygy
Isa Mesih dikeldip utanjymyzy aýyrdy.
Ol bizi Hudaýa alyp barýan dogry ýol boldy.
Umytsyzlygyň bary ýok boldy,
Hudaýyň huzurynda körlük zym-zyýat boldy.
«Beýik bir nur gördi,
tümlükde gezýän halk;
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.
Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi,
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».
Bu biziň taryhymyz.
Gadyrdan ildeşim, muny saňa-da hödürleýäris...
Siz hem Isa Mesihiň Hudaý bilen ýaraşdyrýan habaryny meniň ýaly kabul edip,
Hudaýyň maşgalasyna goşulmak isleýaňizmi?