3 / 8Do You Ever Wonder...? · 8 bap

Can the Bible Be Trusted?

Have you ever wondered why followers of Jesus believe the Bible is the same today as when it was originally written? Archaeological evidence validates that today’s Bible consists of the same Scriptures originally written thousands of years ago.

Özüňizi sorap görüň

Mukaddes Ýazgy sitatalary

Paýlaş
2 Timothy 3:16

All Scripture is God-breathed and is useful for instruction, for conviction, for correction, and for training in righteousness,

Berean Standard Bible

Public Domain

Köpräk oka...
Mugt serişdeler

Mukaddes Ýazgyny has çuňňur düşünmek isleýärsiňizmi?

Mukaddes Kitap öwrenişimize goşulyň

Transkript

Turkmen (түркmенче)
Siz haçan hem bolsa bir wagt näme üçin Isanyň yzyna eýerijiler Mukaddes Kitabyň asyl nusgadaky ýazylyşy ýaly, bu gün hem edil şona meňzeşdigine ynanýandyklaryna haýran galdyňyzmy? Mukaddes Kitap Hudaýyň Mukaddes Kitabydyr, ol 1500 ýylyň dowamynda ýazylypdyr. Hakykatdan-da bu tutuş bir kitaplar ýygyndysy bolup, ol bize Hudaý barada we ähli adamlar üçin Onuň ahlak ýörelgeleri barada öwredýär; muňa Töwrat, Zebur, Injil we Isanyň şägirtleriniň hatlary degişli. Ol bize Hudaýyň ýaradylyşy hökmünde biziň taryhymyz barada gürrüň berýär. Käbir adamlar bu ýyllaryň dowamynda Mukaddes Kitap üýtgedi diýip pikir edýärler, ýöne beýle pikir köpsanly terjimeleriň bardygy üçin ýüze çykýar. Mukaddes Kitabyň asyl nusgasy üç dilde ýazyldy we şondan bäri hemmeleriň Hudaýyň Sözüni öz ene dillerinde okap bilmekleri üçin ençeme dillere köp gezek terjime edildi. Käbir dillerde hatda munuň birnäçe terjimeleri bar, ýöne bularyň hemmesiniň mazmuny birmeňzeş. Mukaddes Kitabyň her bir nusgasy tekstleriň asyl golýazmasyndan terjime edilen we hemişe olar bilen deňeşdirilen. Köp sanly häzirki zaman arhelogoki tapyndylar häzirki döwrüň terjimeleriniň subutnamasydyr. Meselem, 981-nji ýylda ýazylan gadymy Mukaddes Kitap golýazmasy ýigriminji asyryň ortalarynda Öli deňziň golaýynda tapyldy. ýogsam bu golýazmalaryň hemmesi biziň eramyzdan öň üçünji asyrda we biziň eramyzda 1-nji asyrda ýazylypdyr. Bu golýazmalardan bir mysal - bu Işaýa pygamberiň golýazmaly kagyzydyr. Muňa Işaýa pygamberiň kitabynyň tutuş 66 baby degişli, bu kitapda Isa Mesihiň durmuşy we ölümi baradaky pygamberlik bar. Işaýa pygamberiň tapylan golýazma kagyzy - häzirki zaman Mukaddes Kitapdaky Işaýa kitaby bilen doly gabat gelýär. Isa hakynda bize gürrüň berýän Mukaddes Kitabyň bölümleri 1-nji asyrda Onuň bilen bile ýaşan şägirtleri tarapyndan ýazyldy. Olar öz hatlaryny dürli şäherlere iberipdirler, ol ýerde beýleki şägirtler bu ýazylanlaryň hakykydygyny tassyklapdyrlar we nusgalap, Isanyň beýleki şägirtlerine iberipdirler. Isa hakynda gürrüň berýän 25 000-den gowurak gadymy Mukadde Kitap golýazmalaryň nusgalary arheologlar tarapyndan tapylypdyr. Olaryň hemmesi biri-birileri bilen we häzirki zaman Mukaddes Kitap bilen doly gabat gelýär. Britan kitaphanasynda grek dilinde ýazylan tutuş Mukaddes Kitap bar. Bu Mukaddes Kitap Sinaý Kodeksinde bolup, biziň eramyzyň 350-nji ýyllarynda ýazylan we bu edil häzirki zaman Mukaddes Kitaby bilen anyk gabat gelýär. Mukaddes Kitabyň islendik gadymy tekstleriniň köp sanly täzeden dikeldilen nusgalary bar. Bularyň bary bu günki Mukaddes Kitap müňlerçe ýyl mundan öň asyl nusgada ýazylan şol birmeňzeş mukaddes ýazgylardan durýandygyny subut edýär.
JesusFilm