Gysga metražly film
Who is Jesus...Really?
3 minFHD
Do You Ever Wonder...?·5 / 85 / 8 klip
Who is Jesus...Really?
Who is Jesus? What has He done, and why did He do it? Through Jesus, God made a way for us to experience a loving, restored relationship with God. Jesus lived the perfect life no other human could ever live, and he died and rose again, demonstrating his victory over sin and death.He was the perfect offering on our behalf.
SoraglarBaglanyşykly soraglar
Özüňizi sorap görüňMukaddes Ýazgy sitatalary
Paýlaş1 John 4:9
This is how God’s love was revealed among us: God sent His one and only Son into the world, so that we might live through Him.
Berean Standard Bible
Public Domain
Köpräk oka...Mugt serişdeler
Mukaddes Ýazgyny has çuňňur düşünmek isleýärsiňizmi?
Mukaddes Kitap öwrenişimize goşulyňTranskript
Turkmen (түркmенче)
Isa Mesih kim?
Ol näme etdi
we Ol muny näme üçin etdi?
Onuň Alyhezreztleri Isa Göklerde höküm sürýärdi,
emma adamzat günäniň guly boldy.
Hudaý adamlary söýýär
we olaryň azat bolmagyny isleýär,
şonuň üçin hem Isa Mesih mukaddes ýazgylary berjaý etmek üçin we adamzady halas etmek üçin Ýere indi.
Hudaýyň ruhy Merýem atly päk gyzy gudrat bilen ýalkady
we ol jyns gatnaşygyny etmezden göwreli boldy.
Aýlar geçenden soňra, Isa mal ýatakda dünýä indi.
Isa adam we şeýle-de Hudaýdyr
şonuň üçin hem Ol Özüni
Hudaýyň Ogly diýip atlandyrdy,
bu at Onuň adam edilip ýaradylan Hudaýdygyny aňladýar.
Isanyň tebigaty biziň aňymyzyň doly düşünip bilmeýän syrydyr.
Ýerde mahaly, Ol gudratlary görkezdi...
doly ygtyýarlyk bilen okatdy...
we günäsiz durmuşda ýaşady -
hiç bir adamyň ýaşap bilmejek birkemsiz durmuşynda ýaşady.
Isa biziň hatyramyza birkemsiz gurbanlyk hökmünde Özüni meýletin gurban etdi.
Üç günden soňra
Isa ölümden direldi,
Ol günäden we ölümden üstün çykan ýeňşini görkezdi.
Isa gaýdyp hiç haçan ölmezlik üçin
göklere göterildi.
Ine, şonuň üçin Ol Töwratda Mesihiň ähli atlary we beýanlary bilen alkyşlanýar
getirilýän Halasgär, Hudaýyň Ogly, Imanuwel we Hudaýyň Guzusy ýaly.
Isa pygamberlikleri berjaý etdi,
biziň jezamyza döz geldi
we bizi günäden halas etdi.
Bir gün Ol ähli adamlary höküm etmek üçin dolanar,
emma Onuň durmuşy, ölümi we direlişi
bize günälerimizden aklanmagymyz üçin mümkinçilik berdi.
Mukaddes Kitap biziň Hudaý bilen söýgüli we dikeldilen
gatnaşykda bolmagymyz üçin toba etmelidigimizi we bizi günälerimizden halas
edýän Halasgärimiz hökmünde Isa ynanmalydygymyzy aýan edýär.
Eýsem, sen
bu teklibi kabul edersiňmi?