Gysga metražly film
Why Did Jesus Have to Die?
3 minFHD
Do You Ever Wonder...?·6 / 86 / 8 klip
Why Did Jesus Have to Die?
God created humans to be spiritually and relationally connected with Him, but how can we keep God's commands? How can we live without shame? We can't restore ourselves to honor. It would seem we're doomed, except God doesn't want His creation to die. He is merciful and loving, and wants us to be restored, living with Him in full life.
SoraglarBaglanyşykly soraglar
Özüňizi sorap görüňMukaddes Ýazgy sitatalary
PaýlaşIsaiah 53:5
But He was pierced for our transgressions, He was crushed for our iniquities; the punishment that brought us peace was upon Him, and by His stripes we are healed.
Berean Standard Bible
Public Domain
Köpräk oka...Mugt serişdeler
Mukaddes Ýazgyny has çuňňur düşünmek isleýärsiňizmi?
Mukaddes Kitap öwrenişimize goşulyňTranskript
Turkmen (түркmенче)
Günä. Adamlaryň arasynda bölünişikligi döredýän we bizi Hudaýdan aýra salýan böwet.
Eger adamlar öz hereketlerine özleri jogapkär bolsalar we günä etseler,
näme sebäpden Hudaý olaryň özleri üçin jogap bermeklerine garaşman, eýsem olary halas etsin?
Hudaý söýgüdir, Ol ýaşaýyş peşgeş berýär.
Ol ynsanlary Özi bilen ruhy taýdan gatnaşykda bolmaklary üçin ýaratdy.
Emma adamzat Hudaýyň islegine garşy hereket etmegi, günä etmegi saýlady,
bu bolsa bizi hakyky ýaşaýşyň çeşmesi - Hudaýdan aýra saldy.
Günä bir nesilden beýleki nesile geçdi,
edil wirus ýaly adamlaryň arasynda ýaýrady, adamlary Hudaýdan we bir-birinden aýra saldy.
Hudaý pygamberleriniň üsti bilen gürledi, Öz kanunyny berjaý etmekleri üçin täze buýruklary we mümkinçilikleri berdi,
emma adamlar hemişe olary bozdular.
Günäniň muzdy, bizi Hudaýdan aýra salýan ölümdir.
Hudaýyň birkemsiz adalatlydygy üçin, Ol adamzadyň günälerini ýöne bir gözden salyp ýa-da bagyşlap bilmeýärdi.
Hudaý mukaddes we dogrudyr.
Onuň eglişiksiz tebigaty Onuň günäni höküm edip, jezalandyrmalydygyny aňladýar.
Şunlukda, Hudaýyň bagyşlamasyny gazanmak we hökümden sowa durmak biziň özümize bagly dälmi näme?
Mesele adamlaryň Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip bilmeýändiklerindedir, biz günäsiz ýaşap bilemzok,
we biz özümizi halas edip bilemzok.
Bu biziň çykgynsyz ýagdaýa düşendigimizi görkezýär.
Emma Hudaý öz ýaradanlarynyň ölmegini islemeýär.
Ol rehimli we söýýär, we biziň özgerip, Özi bilen doly durmuşda ýaşamagymyzy isleýär.
Ybraýymdan başlap asyrlaryň dowamynda beýleki pygamberleriň üsti bilen dowam edip:
Hudaý bölekleýin ýuwaş-ýuwaşdan, damzadyň günäsi üçin jerimäni tölejek
ýeke-täk Halas Edijini ugratmak hakyndaky meýilnamasyny aýan etdi.
Bu Halas Ediji - Isadyr.
Ol göklerdäki şöhratly ýerinden Ýere indi, adam keşbine girdi
we biziň hiç haçan ýaşap bilmejek günäsiz durmuşda ýaşady.
Soňra Isa meýletinlik bilen biziň günälerimizi Özüne aldy we biziň üçin berilmeli ölüm jezasyny bir gezekde we hemişelik çekdi.
Emma ölüm Ony saklap bilmedi.
Isa ölümden direldi, Ol ölümi we günäni ýeňdi,
biziň Hudaý bilen dikeldilen gatnaşygymyzyň bolmagyna mümkinçilik berdi.
Hudaý bizi söýýär, sebäbi ynsanlar özlerini özgerdip bilmeýärler,
Isa bizi günäden we ölümden halas etdi, şonuň üçin hem biz halas bolup, Onuň bilen ýaşap bilýäris.
Indi biz Hudaý bilen gaýtadan dikeldilen gatnaşygymyzyň erkinliginden lezzet alyp bilmegimiz üçin
Isanyň biziň üçin eden gurbanlygyny kabul etmelidiris.